Turkmenportal logo
Düýn 16:58
1072710727
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Psiholog sosial torlara garaşlylygyň zyýanlydygyny gürrüň berdi
Surat: mir24.tv

Sosial torlara garaşlylyk howsalalyga we gaharjaňlyga eltip biler, bu barada russiýaly psiholog Milana Orehowa «News.ru» portalyna gürrüň berdi.

Hünärmeniň sözlerine görä, laýklar, habarlar we duýduryşlar duýdansyz peýda bolýar, hut şu ulgam hem adamda täze endikleri güýçli kemala getirýär. Her bir duýduryş lezzete garaşmak bilen bagly bolan dofaminiň gana güýçli zyňylmasyny işjeňleşdirýär, netijede, beýni ýene sylaga garaşmaga başlaýar we ekrana ymtylýar. Wagtyň geçmegi bilen, adama arakesmä, ümsümlige we tukatlyga çydam etmek kyn düşýär. Eger telefony golaýynda bolmasa, kalbynda howsala döreýär, ünsi gowşaýar, ýady erbetleşýär, gaharjaňlygy ýokarlanýar.

Hemişe özüňi kesekiniň lentasyndaky «nusgalyk keşp» bilen deňeşdirmek adamda kembahalyk hem-de ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar, bu bolsa, köplenç göwnüçökgünlige eltýär. Şeýle täsirleri esasan hem hakyky durmuşdan gutulmak üçin sosial torlary saýlaýan ýetginjekler we stresiň ýokary derejesiniň eýesi bolan adamlar başdan geçirýärler.

Orehowa bu ýaramaz täsirlerden goranmak üçin el telefondaky habarnamalary çäklendirmegi, telefonsyz sagat bellemegi, ukudan öň gajetden ýüz öwürmegi, şeýle hem lezzetleriň oflaýn-çeşmelerine: gezelençlere, sporta we janly gepleşiklere dolanmagy maslahat berdi.