Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçiriler. Bu barada Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Ministrligiň maglumatlaryna görä, penşenbe güni Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili iş sapary bilen Aşgabada geldi. Gruziýanyň wekiliýetini paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow garşy aldy.
Saparyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen tarapynyň wekilleri bilen ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.