Turkmenportal logo
Düýn 13:41
83568356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝB Türkmenistanda media sowatlylygy boýunça birnäçe okuw maslahatlaryny gurady

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy kontent döredijiler we maglumat ulgamynyň hünärmenleri üçin birnäçe okuw maslahatlaryny gurady. Çäreler Aşgabatda, «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň Karbon merkezinde geçirildi diýlip, wekilhananyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Okuwlaryň her birine 30-a golaý gatnaşyjy — kontent döredijiler, media wekilleri, mugallymlar we talyplar ýygnandy. Sessiýalaryň dowamynda wizual we nerratiw storitelling (wakany gürrüň bermek sungaty), kontent döredilmeginiň etikasy, materiallary meýilleşdirmek we ýaýratmak, şeýle hem döredijilik hem-de redaksiýa işlerinde sanly guralaryň, şol sanda emeli aňyň ulanylyşy ýaly meselelere garaldy. Maksatnama bilermenleriň çykyşlaryny amaly ýumuşlar we interaktiw çekişmeler bilen utgaşdyrdy.

Okuw maslahatlaryny Gazagystandan gelen sebit bilermenleri geçirdi. Çäreler Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «CARAVAN» sebit taslamasynyň çäklerinde guraldy.

«Döwrebap hünär endikleriniň ösdürilmegini goldamak — bu adam maýasyna goýulýan maýa goýumdyr. Kontent döretmäge jogapkärli çemeleşmek, häzirki wagtda çalt üýtgeýän maglumat gurşawynda ynamyň, hiliň we uzak möhletleýin gymmatyň kemala gelmegine ýardam edýär» diýip, ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň baştutanynyň orunbasary Maçeý Madalinski aýtdy.

Gatnaşyjylar adalatly we durnukly media gurşawynyň esasy hökmünde dogruçyllygyň, takyklygyň, jogapkärçiligiň hem-de özboluşlylygyň ähmiýetini nygtadylar.