Russiýada çagalar üçin milli animasion filmleriň önümçiliginiň we prokatynyň doly döwlet maliýeleşdirilişi barada kanun güýje girdi. Bu barada TASS habar berdi.
Täze düzgün «RF-niň kinematografiýasynyň döwlet goldawy barada» kanuna girizildi. Indi çagalar we ýetginjekler üçin milli animasion filmleri döredijiler önümçilik hem-de prokat boýunça doly döwlet maliýeleşdirilişini alyp bilerler. Öň şeýle ýeňillik diňe çagalar üçin çeper filmlere degişlidi.
Ýeri gelende aýtsak, ýanwarda Russiýada «Çeburaşka-2», «Prostokwaşino» we «Buratino» filmleri Täze ýyl baýramçylygy günlerinde rekord derejede kassa ýygymlaryny toplapdy