Turkmenportal logo
Şu gün 10:54
44744474
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Samsung ýerli brendlerden ýeňlip, telewizorlar we durmuş tehnikasy bazaryny terk edýär

Günorta Koreýanyň tehnologik ägirdi Samsung Electronics Hytaýda telewizorlar we durmuş tehnikasy boýunça satuwlaryny bes etmek kararyna gelendigini hyzmatdaşlaryna habar berdi —diýip, Khan.co.kr neşiri pudak çeşmelerine salgylanyp ýazýar. Kompaniýa bu bazarda 34 ýyl bäri iş alyp bardy.

Seoul Economic Daily neşiriniň maglumatlaryna görä, Samsung China Investment Corporation kompaniýasynyň işgärleri bilen geçirilen ýygnakda ýurtda telewizorlaryň we durmuş tehnikasynyň satuwlarynyň wagtlaýyn togtadyljakdygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa lukmançylyk enjamlary, ykjam gurluşlar we ýarym geçirijiler ugrunda öz gatnaşygyny dowam etdirer. Suçžoudaky zawodda telewizorlaryň we durmuş tehnikasynyň önümçiligi dowam etdirilip, taýýar önümler eksport üçin iberiler.

Samsung kompaniýasynyň bazardan çykyp biljekdigi barada ilkinji bolup Nikkei Asia neşiriniň çeşmeleri aprel aýynyň ahyrynda habar beripdiler. Olaryň maglumatlaryna görä, kompaniýa haryt ätiýaçlyklaryny kem-kemden satyp gutaryp, 2026-njy ýylda bu ugurdaky işini doly tamamlamagy meýilleşdirýär. Şol döwürde öndüriji kompaniýa gutarnykly kararyň entek kabul edilmändigini aýdypdy.

Yza çekilmegiň esasy sebäbi ýerli brendleriň güýçlenmegi boldy. Runto Technology ylmy-barlaglar kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda iberilen 32,89 million telewizoryň 1 milliondan hem az bölegi Samsung kompaniýasyna we beýleki daşary ýurt öndürijilerine degişli boldy. AVC Revo neşiriniň hasaplamalaryna görä, durmuş tehnikasy bazarynda ýerli Midea we Haier kompaniýalary 62 göterim paýy eýeledi. Şeýle hem Xiaomi, TCL we Hisense kompaniýalary telewizor segmentinde koreý öndürijileriniň ornuny ep-esli derejede gysdy.

Dünýä bazaryndaky ýagdaý hem bu üýtgeşmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Euromonitor kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, eger 2016-njy ýylda Hytaýyň kompaniýalarynyň dünýä telewizor satuwlaryndaky paýy 16 göterim bolup, Samsung bilen LG bilelikde bazaryň 35 göterimine gözegçilik eden bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji degişlilikde 31,9 göterime we 30,4 göterime çenli üýtgedi.