Turkmenportal logo
Şu gün 09:35
30933093
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary welaýatynda gök we bakja ekinleri üçin 28 müň gektardan gowrak ýer bölüp berildi

Şu ýyl Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda gök we bakja ekinleri üçin 28 170 gektar ýer bölünip berildi. Esasy ekin bolan ýazlyk ýeralma 9 müň gektar meýdanda ekildi we ondan 126 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýazlyk sogan 2 700 gektar meýdany tutup, ondan 67 500 tonna hasyl almak garaşylýar.

Pomidor 985 gektar meýdanda ekildi, şeýle hem käşir we kelem hasylyna garaşylýar.

4 315 gektar meýdandan bolsa 86 300 tonna bakja hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.