«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly resminamalara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Degişli resminama laýyklykda:
2-nji derejeli ýurist Döwrangeldi Kakageldiýewi Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurory wezipesine bellenilip, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahat Şyhmyradowiç Karyýew bu wezipeden boşadyldy.
Ýustisiýanyň geňeşçisi Nejep Mämmetamanowiç Taýlyýew Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nowruz Gurbanowiç Amanow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
2-nji derejeli ýurist Perhatberdi Ahmetberdiýewiç Mededow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Aýmyrat Baýmyradowiç Sähedow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Çaryýarmuhammet Orazmuhammedowiç Garajaýew Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Sapardurdyýewiç Taýew Sarahs etrabynyň prokurory wezipesinden;
Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Toýly Allaberdiýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesinden;
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahym Çaryýarowiç Çaryýew welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.