Turkmenportal logo
06.05.26
1082910829
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda 25 tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň günbatar sebitiniň ýüpekçileri şu ýyl 25 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

Bu maksat bilen, ýerli tebigy şertlere uýgunlaşdyrylan gurçuk tohumynyň 685 gaby degişli şertnamalaryň esasynda ýüpekçileriň arasynda paýlanyp berildi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Umumy meýilnamanyň 18 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Gyzylarbat etrabynda 6 tonna, Bereket etrabynda bolsa 1 tonna pile taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Welaýatda Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen ýüpek gurçugy üstünlikli ösdürilip ýetişdirilýär. Ol ýokary öndürijiligi we kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýar