Aşgabatdaky Fransuz institutynyň çäginde 9-njy maýda Küşt kluby öz işine başlaýar. Klubyň duşuşyklary her şenbe güni sagat 18:30-da geçiriler.
Bu taslama Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar we küşt oýnuny wagyz etmäge, şeýle hem giň köpçüligiň arasynda intellektual dynç alyşy ösdürmäge gönükdirilendir.
Küşt kluby — bu intellektual oýnuň muşdaklarynyň diňe bir küşt oýnamak bilen çäklenmän, eýsem öz ussatlygyny kämilleşdirip, täze strategiýalary öwrenip, täze dostlary we pikirdeşleri tapyp biljek ýeri bolup durýar. Küşt oýnamagy heniz bilmeýän, ýöne öwrenmek isleýänler üçin hem bu ýerde goldaw berler we oýnuň düzgünleri öwrediler.
Fransuz dilini bilmek makullanylýar, emma kluba gatnaşmak üçin hökmany şert däldir.
Hormatly küşt söýüjiler, Klub her şenbe güni size garaşýar!
Küşt klubyna gatnaşmak mugt.
Fransuz institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesi (öňki Sokolow köçesi), jaý 69.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 36 83 70 / 36 83 71 / 36 83 72 (duşenbe — anna günleri, sagat 14:00-dan 19:00-a çenli).