Turkmenportal logo
Şu gün 10:46
30763076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Okuwçylar Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda birnäçe ýatlama çärelerini geçirdiler

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda, A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiniň 4-nji «B» synpynyň okuwçylary birnäçe ýatlama çärelerini guradylar.

Mekdep okuwçylary Beýik Watançylyk urşunyň weterany Sergeý Agamýanyň öýüne baryp, ony baýramy bilen gutladylar. Çagalar weteran üçin ýörite taýýarlan goşgularyny okap berdiler we aýdym aýtdylar. Weteran bolsa öz gezeginde uruş ýatlamalaryny paýlaşyp, çagalara nesihat sözlerini aýtdy.

Mundan başga-da, okuwçylar Aşgabadyň golaýyndaky obalara baryp, ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Olar Ýasmansalyk obasyndaky urşa gatnaşan türkmen esgerleriniň hatyrasyna dikilen ýadygärlige we Gökje obasyndaky tylyň gahrymanlarynyň ýadygärligine baryp gördüler. Her bir ýadygärligiň öňünde çagalar wepat bolanlary bir minutlyk dymyşlyk bilen ýatladylar. Bu çäräni obanyň ýaşaýjylary we ýerli mekdebiniň okuwçylary hem synladylar.

9-njy maýda Türkmenistan Ýeňiş gününi belär. Şu ýyl Ikinji jahan urşunyň tamamlanan gününiň 81 ýyllygy bellenilip geçilýär.