Turkmenportal logo
Şu gün 11:03
70927092
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Esen Aýdogdyýew SelectUSA 2026 maýa goýum sammitine gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde olar 3–6-njy maý aralygynda Merilend ştatynyň Neşnl-Harbor şäherinde geçirilýän SelectUSA 2026 maýa goýum sammitine gatnaşyp, amerikan kompaniýalary we maýadarlary bilen gepleşikleri geçirýärler. Çärä şeýle hem Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud gatnaşdy.

Sammitiň maksatnamasy umumy mejlisleri, giňeldilen sergi meýdançasyny, şeýle hem maýa goýum ugurlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, önümçilik we sebit strategiýalary boýunça bilermenleriň maslahatlaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň ABŞ-nyň iň iri maýa goýum forumlarynyň birine gatnaşmagy iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär. Wekiliýetiň düzüminde «Iş nokady» koworking merkeziniň esaslandyryjysy Jemi̇le Kerimowa hem bar.