Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda şu ýyl 650 gektar meýdanda Hytaýyň ýedi dürli pagta tohum sortlaryny ulanyp, ekiş işleri alnyp barylýar. Bu ekin meýdanlarynyň aglaba bölegi — 450 gektary — Sadulla Rozmetow adyndaky hojalyk jemgyýetinde ýerleşýär — diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Ekiş işleri Hytaýyň Sinszýan agrotehnologiýasy boýunça Hytaýyň önümçiligine degişli ýöriteleşdirilen tehnikalaryň kömegi bilen alnyp barylýar. Bu enjamlar bir wagtda üç işi ýerine ýetirýär: tohumy sepmek, ony polietilen plýonka bilen örtmek we damjalaýyn suwaryş ulgamynyň turbalaryny ýerleşdirmek. Şeýle çemeleşme tohumlaryň tiz gögermegini üpjün edýär, gögeren ösümlikleri amatsyz howa şertlerinden we zyýankeşlerden goraýar, şeýle hem suwuň sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär — bu bolsa sebitiň gurak howa şertlerinde aýratyn möhüm ýagdaý bolup durýar.
Hojalyk başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty Resul Sadullaýewiň sözlerine görä, Hytaýyň pagta sortlary ýokary hasyllylygy, guraklyga çydamlylygy we süýümiň ýokary hili bilen adaty sortlardan tapawutlanýar. Ulanylýan sortlaryň arasynda «Altyn Selina — 1565», «Sinszýan Szinhua — 98», «Sinlusao — 64», «Szinkin — 1402», «Sinşi — 518», «Hinlužun — 87» we «Sinlusao — 78» bar.
Bu möwsümde hojalykda gowaçanyň ekiş meýdanynyň umumy möçberi takmynan 7 500 gektara deň bolar. Hytaýyň sortlaryndan başga-da, biziň ýurdumyzyň howa şertlerinde ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanan Özbegistanyň «Horezm — 127» sortuny hem 2 000 gektar meýdanda ekmek meýilleşdirilýär.