Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won Çže geçen hepdede birnäçe iş saparlaryny amala aşyryp, türkmen tarapy bilen gämigurluşygy, ulag, aragatnaşyk we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji maýda diplomat «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp, kärhananyň direktory G.Amanow bilen duşuşdy, köpugurly gury ýük gämileriniň gurluşyk meýdançasyna aýlandy we «Koryo Shipbuilding Industry Technology» (KSIT) kompaniýasynyň işgärleri bilen görüşdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň şowly mysaly bolan gämi gurluşygy taslamasynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler.
29-njy aprelde ilçi Li Won Çže Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen duşuşdy. Taraplar gämi gurluşygy, demir ýollar, ulag we aragatnaşyk ýaly ugurlarda ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
27-nji aprelde diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa bilen duşuşyk geçirip, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy.