Turkmenportal logo
Şu gün 11:25
36193619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýelena Grigorýans Gaagada geçirilen «Ultimate Global BODYCOMBAT United Event» festiwalynda Türkmenistana üçünji gezek wekilçilik etdi

Gaagada (Niderlandlar) toparlaýyn fitnes dünýäsiniň iň iri wakalarynyň biri —«Ultimate Global BODYCOMBAT United Event 2026» halkara haýyr-sahawat festiwaly geçirildi. Her ýyl bu giň gerimli çäre onkologiki keseller bilen göreşmegi goldamak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe gatnaşyjyny birleşdirýär.

2026-njy ýylda festiwal 2 000 gatnaşyjyny jemledi, olar bäş sagatlap dowam eden «Les Mills BODYCOMBAT» türgenleşigine gatnaşdylar. Tanyşdyryjylar hökmünde dünýäniň 50 ýurduna wekilçilik edýän 150 sany ygtyýarnamaly «Les Mills» instruktory çykyş etdi.

Eýýäm yzly-yzyna üçünji gezek bu abraýly festiwala Türkmenistanyň baýdagy astynda Ýelena Grigorýans —«Les Mills» maksatnamalarynyň bu ýurtdaky ýeke-täk halkara şahadatnamaly instruktory gatnaşdy. Ýelenanyň bu çärä 2026-njy ýylda hem gatnaşmagy onuň halkara karýerasynyň kanunalaýyk dowamy boldy: ol 2024-nji ýyldan bäri yzygiderli bu iri çärede Türkmenistana wekilçilik edýär.

Ýelena festiwalyň açylyş dabarasynda ýene-de bir gezek Türkmenistanyň baýdagy bilen çykyp, türkmen fitnesiniň halkara meýdançasyndaky iň görnükli ilçileriniň biri hökmündäki derejesini tassyklady. Onuň çykyşy hünär derejesiniň örän ýokarydygyny ýene bir gezek subut etdi.

Öz çykyşynyň dowamynda, brendleşdirilen «Roundhouse Kick» ýerine ýetirilmezinden ozal, Ýelena gatnaşyjylara: «Aşgabatdan salam kabul ediň!» diýip ýüzlendi. Ýygnananlar bu sözleri uly ruhubelentlik bilen garşylap, güýçli energiýa, ýylgyryşlar we türgenleşige yhlasly ýapyşmak bilen jogap berdiler.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Ýelena Türkmenistanda birbada bäş sany «Les Mills» halkara maksatnamasynyň ygtyýarnamaly ýeke-täk instruktorydyr: «BODYCOMBAT» (2019 ý.), «BODYPUMP» (2019 ý.), «GRIT» (2020 ý.), «BODYPUMP» (2021 ý.) we «BODYPUMP HEAVY» (2025 ý.). Mundan başga-da, ol «BODYCOMBAT» maksatnamasynda «Advanced» derejesine eýedir.

2022-nji ýyldan bäri Ýelena «Les Mills-iň» halkara tanyşdyryjysy hökmünde çykyş edýär we eýýäm Niderlandlarda, Germaniýada, Gazagystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde köpsanly türgenleşikleri görkezdi.

Türkmenistanda halkara «Les Mills» türgenleşiklerine Aşgabatdaky ýeke-täk ygtyýarlandyrylan studiýada goşulyşyp bilersiňiz, ol ýerde Ýelena brendiň resmi maksatnamalary boýunça sapaklary geçirýär.

Tel.: +993 65 88 12 75

Sosial ulgamlar: @helenasculpt | @helenasculptstudio | @lesmills.turkmenistan