Turkmenportal logo
Şu gün 11:49
34083408
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistan we Türkmenistan ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Taraplar ulag we ýük daşamalary ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini maslahatlaşdylar. Şeýle-de, kommunikasiýa pudagyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine seredildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyk dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.