Turkmenportal logo
Şu gün 09:35
52725272
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri «SusHi Tech Tokyo 2026» forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gepleşiklerini geçirdiler

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri 27 — 29-njy aprel aralygynda Tokio şäherinde geçirilen «SusHi Tech Tokyo 2026» halkara innowasion forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, innowasion foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalar, startaplar we tehnologiýa hünärmenleri gatnaşdylar. Forumuň esasy maksady — täze tehnologiýalary, innowasiýalary we sanly çözgütleri görkezmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy.

Forumyň dowamynda emeli aň (AI), 5G/6G aragatnaşyk ulgamlary, «akylly» şäherler (smart city), ýaşyl energiýa we sanly ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlar boýunça çykyşlar we sergiler geçirildi. Gatnaşyjylar täze önümler bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti tehnologiýa we sanly ösüş ugurlarynda öňdebaryjy birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirdi.

 Duşuşyklarda sanly infrastruktura we telekommunikasiýa hyzmatdaşlygy ýola goýmak, emeli aň (AI) we sanly hyzmatlar, «Akylly şäher» çözgütleri (Smart City) — şäher dolandyryşy, Startap ekosistemasy — halkara startap platformalary we tehnologiýa merkezleri bilen ýaş startaplary ösdürmegiň hem-de gelejekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.