Turkmenportal logo
Şu gün 17:48
62696269
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen ÝUNISEF-iň wekilleri enelige we çagalyga goldaw maksatnamalaryny maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda ata-eneligi we çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy O.Berdiliýewa ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek we maşgala gymmatlyklaryny goramak ugrunda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän çäreler hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň “Sagdyn  ene - sagdyn  çaga - sagdyn geljek” atly Milli strategiýanyň esasynda eneleriň we çagalaryň saglygyny berkitmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak boýunça ýaş gelin-gyzlaryň arasynda alyp barýan wagyz-nesihat işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Gepleşikleriň çäginde çaganyň irki ösüşini üpjün etmek we ene-atalara goldaw bermek meselelerinde iki guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan täze ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmenleri hem gatnaşyp, bu ugurdaky halkara tejribeleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri zenanlaryň jemgyýetçilik işlerine gatnaşygynyň we olaryň döredijilik ukyplarynyň maşgala abadançylygyna edýän täsirini nygtadylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratna Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlygyň örän netijeli häsiýete eýedigini belläp, geljekde hem çagalaryň saglygy we abadançylygy ugrunda bilelikdäki taslamalaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.