Turkmenportal logo
Şu gün 14:10
38883888
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Argus: Türkmenbaşy portunyň ýük dolanyşygy birinji çärýekde 10% artdy

2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda ähli ýükleriň geçirilmegi 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlandy — diýip, Argus neşiri habar berýär.

Görkezijileriň ýokarlanmagyna esasy goşant Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna gelip gowuşýan türkmen nebitiniň düşüriliş möçberleriniň artmagy, şeýle hem Eýran ugry boýunça başga ugra gönükdirilen kükürdiň eksportynyň köpelmegi bilen bagly boldy.

Hasabat döwründe türkmen portlarynyň üsti bilen ähli ýükleriň üstaşyr geçirilişi 2025-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 23% artdy. Ösüşiň esasy sebäbi hökmünde Bekdaşdan karbamidiň iberilişiniň köpelmegi we Ekerem arkaly suwuk ýükleriň geçirilmeginiň ýokarlanmagy görkezilýär.

Türkmen portlarynyň üsti bilen kükürdiň üstaşyr geçirilişi mart aýynda bu önümiň iberilişiniň Eýran ugrundan Azerbaýjana, ondan soň bolsa Gara deňizdäki Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryna gönükdirilmeginiň netijesinde artdy. Bazaryň gatnaşyjylarynyň bahalandyrmagyna görä, şeýle iberilişleriň artmagyna Gara deňiz sebitinde kükürdiň ýokary bahalary hem goşmaça itergi berýär: mart aýynyň başyndan bäri olar 35% ýokarlandy.