Ylmy nukdaýnazardan, Saturn planetasynyň hemrasy Enselad we Ýupiteriň hemrasy Ýewropa Gün ulgamynda täze ýaşaýşyň ýüze çykyp biläýjek ýerleri bolup biler. Bu barada russiýaly astronom Sergeý Nazarowa salgylanýan «ria.ru» ýazýar.
Astronomyň sözlerine görä, ady tutulan hemralarda galyň buz gatlagynyň astynda ýerleşýän ägirt uly suw gorlary bar, şeýle-de ýaşaýşyň döremegi üçin himiki elementler duşýar. Bu bolsa, geljekde olarda ýaşaýşyň döremegi üçin ýeterlik diýip, alym nygtady.