Turkmenportal logo
Şu gün 11:22
39903990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçirilýän sergide Hytaýyň awtoulag senagatynyň ägirt uly mümkinçilikleri görkezilýär

Şu günler Aşgabatda dowam edýän Türkmen-hytaý sergisinde Hytaýyň awtoulag senagatynyň ägirt uly mümkinçilikleri ýörite meýdançalarda giňden görkezilýär.

Bu ýerde ýük ýükleýji tehnikalar, ýük awtoulaglary, beton garyjy ulaglar hem-de ýeňil awtoulaglar hödürlenýär.

Hytaýyň öňdebaryjy öndürijileri tarapyndan çykarylýan awtoulag tehnikalary kuwwatlylygy we dürli kysymlarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanda Hytaýdan getirilýän awtoulag tehnikalary giňden ulanylýar, häzirki ekspozisiýa bolsa Hytaýyň häzirki zaman mümkinçiliklerini aýdyň görkezmek bilen, aýratyn üns çekdi. Munuň sebäbi, türkmen işewürleriniň ýöriteleşdirilen tehnika we awtoulaglary satyn almakda hytaý kompaniýalarynyň ýakyn hyzmatdaşlary bolup çykyş etmegidir.