Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda şu ýylyň mart-aprel aýlarynda döwlet we hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edilende, gaz pudagynda, ulag we logistika ulgamynda, şeýle hem mineral dökünleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary aýratyn bellenip geçildi.
Şeýle hem diplomatlar ýokarda agzalan ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen öňde duran bilelikdäki işleriň görnüşleri we mazmuny boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bilim, ylym we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça syýasy-diplomatik gepleşikleri yzygiderli we ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek barada ylalaşdylar.