Turkmenportal logo
Şu gün 08:03
32863286
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi. Bu barada TDH habar berýär. 

«Bu giň gerimli çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigine pugta ynanýaryn» diýlip, Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlagynda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bardyr. Gadymy döwürlerden bäri iki halkyň arasynda ýakyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Ýurtlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň köpugurly gatnaşyklar üçin hem köpri bolup hyzmat edipdir.

«Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlarda, aýratyn-da, nebitgaz, ulag we logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, söwda dolanyşygy, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işler iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär» diýlip, gutlagda bellenilýär.