Turkmenportal logo
Şu gün 14:14
50665066
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy kenarýaka gandboly boýunça Aziýanyň kenarýaka oýunlarynyň ýarym finalyna çykdy

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy kenarýaka gandboly boýunça Hytaýyň Sanýa şäherinde geçirilýän VI Aziýanyň kenarýaka oýunlarynda ýarym finala çykdy. Toparçalaýyn tapgyryň jemleri boýunça türkmen zenan türgenleri B toparçasynda ikinji orny eýeledi.

Ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy Şri-Lankanyň toparyny 2:0 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandy (12:10, 8:4). Ikinji oýun gününde türkmen türgenleri ýaryşyň eýeleri bolan Hytaýyň ýygyndysyndan 0:2 hasaby bilen utuldy (3:16, 13:22). Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşygynda bolsa dartgynly göreşde Türkmenistanyň ýygyndysy 2:1 hasaby bilen Mongoliýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Birinji döwde (14:16) utulandyklaryna garamazdan, türkmen gandbolçy zenanlary oýnuň barşyny üýtgedip, ikinji döwi (12:10) utdylar we oýundan soňky derwezä top zyňmak tapgyrynda hem üstün çykmagy başardylar (10:4).

Üç duşuşykda gazanylan iki ýeňşiň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndysy pleý-off tapgyryna ikinji orundan çykdy. 28-nji aprelde geçiriljek ýarym finalda türkmen gandbolçy zenanlary A toparçasynyň ýeňijisi — Wýetnamyň ýygyndysy bilen duşuşar. Beýleki ýarym final jübütliginde bolsa finala çykmak ugrunda Hytaýyň we Tailandyň ýygyndylary bäsleşer.

Türkmenistanyň ýygyndysyna tälimçiler Gülen­dam Narbaýewa we Marina Diwanowa ýolbaşçylyk edýär.

Sanýa şäherinde geçirilýän Aziýanyň kenarýaka oýunlary 22–30-njy aprel aralygynda dowam edýär. Ýaryşyň maksatnamasyna 14 sport görnüşi girizilip, olaryň çäginde 63 medal toplumy ugrunda bäsleşilýär. Oýunlara Aziýa ýurtlarynyň iň güýçli türgenleri gatnaşýar.