Turkmenportal logo
Düýn 20:48
48054805
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Makron Prezidentlik möhleti tamamlanandan soňra syýasatdan gidip biler
Surat: Surat: tass.ru

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Nikosiýadaky frank-kipr mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşykda syýasatdan gitmekçidigini habar berdi.

«Men ilki beýleki Prezidentleriň geňeşçisi, soň ministr boldum, soňra partiýa döredip, ýagdaýy aýgytly we tiz düzedip biljekdigimiz barada netijä geldim. Men oňa çenli syýasat bilen meşgullanmadym, indiden beýlägem meşgullanmakçy däl» diýip, Makron çykyşynda aýtdy.

RTL radioýaýlymy bu, gürrüňsiz, Makronyň Prezidentlik möhleti tamamlanandan soňra syýasatdan gitmekçidigini aňladýar diýip häsiýetlendirdi. BFMTV teleýaýlymy we «Le Parisien» gazeti-de şeýle pikirde diýip, TASS ýazýar.

Fransiýada Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 2027-nji ýylyň apreline meýilleşdirilen. Onuň anyk möhleti belli däl, ýöne ol Makronyň geljek ýylyň 13-nji maýda tamamlanýan Prezidentlik möhletinden 20-35 gün öň bolmaly.

Makron ikinji Prezidentlik möhletinden soňra bu ýokary döwlet wezipesine dalaş edip bilmez, sebäbi Fransiýanyň Konstitusiýasy boýunça ýurduň Prezidentiniň wezipe ygtyýarlylyklary iki möhlete çenli çäklendirilendir.