Türkmen sungatynyň iki sany meşhur sungat işgäriniň eserleriniň sergisi Aşgabatdaky Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi galereýasynda açyldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ekspozisiýada halyçy suratkeş Ada Gutlyýewiň we heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň işleri görkezilýär.
Serginiň dabaraly açylyşyna çeperçilik akademiýasynyň talyplary, suratkeşler, sungatşynaslar, teatr işgärleri, şeýle hem Ada Gutlyýewiň we Babasary Annamyradowyň dost-ýarlary hem-de garyndaşlary gatnaşdylar.
Ada Gutlyýew taýsyz halyçy suratkeşdir. Suratkeşiň döredijiliginiň iň söýgüli temasy türkmenleriň buýsanjy bolan ahalteke atlarydyr. Sergide goýlan halylaryň birinde ol saýlama bedewleriň nesil daragty baradaky maglumatlary şekillendirdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän her ýylky bäsleşiklerde Ada Gutlyýewiň işleri yzygiderli birinji orunlary eýeläp gelýär.
Heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň hödürlän esasy eksponaty bolsa, altyn çaýylan ahalteke bedewleridir. Bu heýkel kompozisiýasynda awtor ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýen şygarynyň nusgasyny jemläpdir. Altyn reňkli bedewler türkmenleriň Altyn asyryny alamatlandyrýar.
Sergä gelenler heýkeltaraşyň baý döredijiligi bilen sergi wagtynda görkezilen wideoşekiller arkaly ýakyndan tanyşyp bildiler. Babasary Annamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň üç gezek ýeňijisidir.
Onuň sergilenen işleriniň arasynda adaty ölçeginden onlarça esse ulaldylan almalar bar, olaryň biri bolsa gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir.
Çeşmäniň belleşine görä, Türkmenistanyň iki sany halk suratkeşiniň bilelikdäki sergisi ýaş suratkeşler üçin özboluşly bir tejribe mekdebidir, sebäbi bu ýerde olara tejribeli ussatlaryň mysalynda öwrenmäge mümkinçilik döredilýär.