Turkmenportal logo
Düýn 14:44
79257925
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Braziliýada bananyň ak gabykly sorty hasaba alyndy
Surat: genetol.ru

Braziliýanyň Santa-Katarina ştatynda bananyň «Klarinýa» diýlip at berlen täze sortunyň tötänden üstünden baryldy. Ýurduň Oba hojalyk we maldarçylyk ministrligi ony sortlaryň milli sanawyna girizdi. Bu barada Braziliýanyň Hökümetiniň saýtyna salgylanýan «tvbrics.com» portaly habar berdi.

Täze görnüş bananyň «Kwendiş» toparçasynyň tebigy mutasiýasynyň netijesi bolup durýar, onuň esasy aýratynlygy has ak we ýalpyldawuk gabygy bar. Bu onuň düzüminde hloeofilliň pesdigini aňladýar, ýagny ol adaty banandakydan 43 göterim azdyr.

Geçirilen synaglar täze sortuň adaty banan agajy ýaly miwe berýändigini görkezdi. Emma onuň estetiki artykmaçlygy bar, has-da gyşyna adaty bananlar dükan tekjelerinde garalýan bolsa, täze banan özüniň ter görnüşini saklap galýar.