Turkmenportal logo
Şu gün 16:44
80848084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginde 4G ulgamy işe girizildi

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunynyň Mary — Türkmenabat böleginde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň dördünji nesil ulgamy işe girizildi. Täze düzüm ýol ulanyjylaryna ýokary tizlikli maglumat alyşmagy, ýokary hilli ses we wideoaragatnaşygy, şeýle hem ýol ugrunda nawigasiýa hyzmatlaryna we onlaýn-salgylara elýeterliligi üpjün edýär.

4G ulgamynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen magistralyň jemleýji tapgyrynyň dabaraly açylyşy bilen utgaşdy. Bu awtoýoluň gurluşygynyň tamamlanmagy ýurduň ulag ulgamynda şu ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Operatoryň berýän maglumatlaryna görä, ulag geçelgesiniň ugrunda döwrebap aragatnaşyk standartynyň ornaşdyrylmagy diňe bir sürüjiler we ýolagçylar üçin amatlylygy artdyrman, eýsem, ulag-logistika amallarynyň netijeliligine hem gönüden-göni täsir edýär: durnukly aragatnaşyk sürüjilere we ýolagçylara ýükleri hakyky wagt tertibinde gözegçilikde saklamaga hem-de dolandyrmaga mümkinçilik berýän sanly gurallary ulanmaga şert döredýär.

Aşgabat — Türkmenabat ýoly halkara üstaşyr geçelgesiniň bir bölegi bolup, paýtagty ýurduň gündogar sebitleri bilen baglanyşdyrýar. Onuň telekommunikasiýa düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy sebitara arabaglanyşygy pugtalandyryp, ýoluň ugurdunaky ilatly ýeleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem goşmaça itergi berer.