Turkmenportal logo
Şu gün 01:22
1217612176
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antaliýada duşuşdylar
Surat: Surat: mfa.gov.tm

18-nji aprelde bäşinji Antaliýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar. Şeýle-de halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar.