Türkmenistanyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda hem-de «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy» hem-de «Auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek we onuň hyzmatlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ýurduň bank edaralarynda audit barlaglaryny geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.