Turkmenportal logo
Şu gün 12:52
77677767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda BMG-niň ýabany haýwanlary goramak baradaky Konwensiýasy maslahatlaşyldy
Surat: Surat: Surat: mineco.gov.tm

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde «TRAFFIC International» halkara guramasynyň bilermeni we Gyrgyz Respublikasynyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministrliginiň wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda esasy esasy temas BMG-niň Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa (CITES) boýunça sebitara hyzmatdaşlygy berkitmekden ybarat boldy. 

Türkmenistan CITES Konwensiýasyna goşulanyndan bäri ýurt halkara standartlaryna we ylmy çemeleşmelere esaslanyp, ösümlikleriňdir haýwanlaryň seýrek görnüşleriniň dolanyşygyna gözegçilik ulgamyny döretmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.

Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan gol çekilen «Samarkand Jarnamasynyň» düzgünlerini durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. 

Duşuşyga gatnaşyjylar «Samarkand Jarnamasynyň» şu aşakdakylar üçin binýat bolandygyny bellediler:

Serhetüsti hyzmatdaşlyk;

Maglumat alyşygy;

Bilelikdäki başlangyçlar;

Merkezi Aziýanyň özboluşly görnüşlerini goramak boýunça sebit maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi.

«Samarkand Jarnamasynyň» ýerine ýetirilmegi CITES guraly bilen utgaşyp, ýurduň tebigy mirasyny goramakda ygtybarly galkan döretmäge mümkinçilik berýär.

«TRAFFIC International» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler monitoringiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, maglumatlar binýadyny ýöretmek we pudagara hyzmatdaşlyk boýunça anyk ädimleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar degişli hünärmenler üçin birnäçe okuw maslahatlaryny we ylmy-amaly seminarlary geçirmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirmäge ylalaşdylar.