«Zara», «Bershka» we beýleki meşhur haryt nyşanlarynyň eýesi bolan «Inditex» kompaniýasyny esaslandyryjy, 90 ýaşly Amansio Ortege dünýäde iň iri gozgalmaýan emlägiň eýesi diýlip ykrar edildi. Oňa 13 ýurtda umumy bahasy 25 milliard dollardan gowrak bolan 200-den gowrak obýekt degişlidir. Bu barada içki resminamalara, ýer gaznalaryna we gozgalmaýan emläk gorlaryna salgylanýan «Forbes» habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, Ortege özüniň tutuş ömründe jemi 24 milliard dollar bahasy bolan 216 sany gozgalmaýan emlägi satyn alypdyr, olaryň 206-sy häzir hem onuň hususy emlägi bolmagynda galýar.
Geçen ýylyň noýabrynda Amansio Ortega Ispaniýanyň iň baý adamy boldy. Oňa degişli bolan «Inditex» kompaniýasy 100 töweregi ýurtda 5,5 müň sany dükana eýelik edýär. Kompaniýanyň iň belli brendlerine «Zara», «Pull&Bear», «Massimo Dutti», «Bershka», «Stradivarius» we «Oysho» girýär.