18-nji aprelde Aşgabat stadionynyň çäginde ýurduň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda welosport boýunça ýaryşlar geçirildi.
Sport çäresine «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky we «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky ýaly Türkmenistanyň öňdebaryjy maliýe edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Ýaryşyň netijeleri boýunça ähli gatnaşyjylaryň arasynda iň gowy netije görkezip, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň işgäri Kuwwat Çaryýew birinji orny eýeledi.