Turkmenportal logo
Düýn 11:11
1134711347
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistanyň howa menzilleri 2025-nji ýylda 5,7 million ýolagça hyzmat etdi
Surat: ru.armradio

Ermenistanyň howa duralgalary 2025-nji ýylda 5,7 million ýolagça hyzmat etdi, bu 2024-nji ýyldakydan 7,5 göterim köpdür. Bu barada ýurduň Milli mejlisinde çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan habar berdi diýip, «Sinhua» ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, görkezilen ýolagçylaryň 1,3 million sanysyna ermeni awiakompaniýalary hyzmat etdi.

«Geçen ýyl yzygiderli gatnawlar 67 ugur boýunça 48 awiakompaniýa tarapyndan amala aşyryldy. Täze ugurlaryň 10-sy, şol sanda Gýumrudan Larnaku aralygynda gatnaw açyldy. Elbetde, biz uçuşlaryň çägini giňeltmegi maksat edinýäris» diýip, ministr nygtady.