Turkmenportal logo
Şu gün 10:55
42944294
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kibirdeýän kadaifli şokolad Katmeriň myhmanlarynyň iň halaýan desertleriniň birine öwrüldi

Kibirdeýän kadaif hamyry bilen näzik şokoladyň utgaşmasy — hut şu aýratynlyk Katmer kafesiniň myhmanlarynyň iň halaýan desertleriniň birine öwrüldi. Bu meşhur desert (köplenç «Dubaý şokolady» diýlip hem atlandyrylýar) süýtli şokoladdan ybarat bolup, onuň içine ýagda gowrulan kadaif hamyry goşulýar, köplenç bolsa pisse ýa-da tahin pastasy bilen bilelikde taýýarlanýar.

Kafeniň wekilleriniň bellemeklerine görä, kadaifli şokoladly desert hemişe ýokary islege eýe bolup, myhmanlaryň iň köp saýlaýan tagamlarynyň biridir. Onuň meşhurlygynyň esasy syry — gurluşlaryň garşylygyndadyr: altyn reňkli, kibirdäp duran kadaif şokolady ýumşaklyk we baý tagamy bilen ajaýyp utgaşýar.

Katmerde belleýişlerine görä, bu desert aýratyn-da gündogar süýjüliklerini halaýanlar we üýtgeşik tagam utgaşmalaryny gözleýänler tarapyndan ýokary baha berilýär.

Kafe gelen myhmanlara menýudaky iň meşhur desertleriň birini dadyp görmek we näme üçin hut şu desertiň iň halaýan süýjüligine öwrülendigini özleri bahalandyrmaklyk teklip edilýär.

Habarlaşmak üçin:

Katmer Premium
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1-nji Saglyk öýüniň golaýynda
Tel: +99361 509696, +99362 714848

Katmer
Salgysy: Ankara köçesi, 19 (öňki Ýubileýnaýa), Aşgabat
Telefon: (+993 63) 24 99 44

Sosial ulgamlardaky sahypasy.