Turkmenportal logo
Düýn 22:53
30113011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda  10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň düýbi tutuldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dabarada çykyş edip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin has uly mümkinçilikleriň bardygyny, hem-de bu mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýändigini belledi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Mary welaýatynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz käniniň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň uly açyşlarynyň biridigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy, gazy gaýtadan işleýän desgalar, gaz geçirijileriň daşky eltiji ulgamlarynyň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde 1041 sany täze iş orny hem dörediler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.