Turkmenportal logo
Şu gün 17:38
25542554
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýa Aziýa ýurtlaryna nebit satyn almak üçin 10 milliard dollar bölüp bermekçi
Surat: eadaily.com

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti Ýakyn Gündogardaky ýagdaý sebäpli nyrhlaryň gymmatlamagyndan goramak we nebitiň durnukly üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Aziýa ýurtlaryna 10 milliard dollar bölüp bermekçi. Bu barada «Kyodo» neşirine salgylanýan «Kabar.kg» habar berýär.

Çözgüt Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri bileleşiginiň agzalaryny goşmak bilen, sebitiň ýurtlarynyň gatnaşmagyndaky onlaýn duşuşykdan soňra yglan edildi. Serişdeleri energiýa üpjünçiligi zynjyrlaryny berkitmäge, has takygy, nebit we nebitönümlerini, şeýle hem möhüm ätiýaçlyk gorlaryny giňeltmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär. Tokionyň hasaplamalaryna görä, kömegiň möçberi takmynan 1,2 milliard barrel nebite deňdir, bu bolsa ASEAN-yň agza döwletleriniň ýyllyk importyna barabardyr.

Sanae Takaitiniň bellemegine görä, Ýaponiýanyň ykdysadyýeti aziýa bazarlary bilen ýygjam baglydyr, şonuň üçin nebit üpjünçiligindäki islendik bökdençlik ýurduň senagatynda we durmuş ulgamynda çynlakaý özüni bildirer.