Bawariýada üç müň işgärli we 70 şahamçaly ägirt uly «Feneberg» supermarketler zynjyry öz maliýe ýagdaýyny halas etmek üçin batandygyny yglan etdi. Soňky ýyllarda ol bergileri sebäpli agyr ýagdaýy başdan geçirdi. Dükanlar zynjyry 1947-nji ýylda esaslandyrylyp, onýyllyklaryň dowamynda Germaniýanyň gündogarynda işläp gelýärdi.
«Bayerischer Rundfunk» (BR) nemes teleradiokompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ady tutulan dükanlar zynjyrynyň bergisi 200 million ýewro golaýdyr. Ýanwarda bu bölek söwda tory Kempteniň okrug kazyýetine batandygy barada talapnama bilen ýüz tutdy. Häzirki wagtda «Fenebergiň» şahamçalary adaty tertipde işleýär, haryt üpjünçiligi hem dowam edýär.
«Grub Brugger» atly ýuridik firma maýa goýumçylar bilen gepleşikleri alyp barýar. Hünärmenler dükanlar torunyň batmagynyň sebäpleri hökmünde elektrik energiýasynyň gymmatlamagyny, ilatyň satyn alyş ukybynyň peselmegini, şeýle-de dolandyryşdaky ýalňyşlyklar bilen düşündirýärler diýip, «rg.ru» ýazýar.