Turkmenportal logo
Şu gün 14:46
85958595
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Maksatly Türkmen» ofisler we restoranlar üçin toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär

Aşgabatda täjirçilik meýdançalarynyň keşbini düýpli täzelemek barha meşhurlyk gazanýar: telekeçilere ofisleri, kafeleri we restoranlary döwrebap, müşderilere amatly ýerlere öwürmek üçin çözgütler hödürlenýär.

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti aýnalary we germewleri oturtmakdan başlap, markizleri, pergolalary we dürli görnüşli gapylary gurnamaga çenli dürli görnüşli «işewürligi döwrebaplaşdyrmak» hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle çemeleşme diňe bir binanyň daşky keşbini täzelemek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň işewürlik üçin amatlylygyny hem ýokarlandyrýar.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, häzirki döwürde telekeçiler dizaýna we rahatlyga müşderileri çekmegiň we işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň guraly hökmünde garaýarlar. Şonuň üçin diňe materiallaryň hiline däl, eýsem, her bir taslamada professional gurnama we aýratyn çözgütlere aýratyn üns berilýär.

Kompaniýa işewürleri maslahatdan peýdalanmaga we häzirki zaman meýillerini göz öňünde tutup, täjirçilik maksatly desgalary döwrebaplaşdyrmak işleriniň iň amatly formatyny işläp düzmäge çagyrýar.

«Maksatly Türkmeniň» ofisi Aşgabatda G. Kuliýew köçesiniň 28-nji jaýynda ýerleşýär. Wekiller bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33, şehle hem sosial ulgamdaky sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz.