Türkmenistan şu ýylyň iki aýynda Özbegistana şokolad eksport etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri boldy.
Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda özbek bazaryna 209,1 tonna şokolad eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurdy şokolad satmakda Russiýadan (4,4 müň tonna) we Ukrainadan (607 tonna) soňra üçünji orny eýeledi.
Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Gazagystanyň (2018 tonna) we Türkiýäniň (190,7 tonna) ady bar.
Umuman alnanda, hasabat döwründe Özbegistan daşary ýurtlardan umumy bahasy 27,7 million amerikan dollaryna deň bolan 6,6 müň tonna şokolad satyn aldy.