Turkmenportal logo
Şu gün 13:13
1226812268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda alkogolly önümleriň dolanyşygy bilen bagly düzgün bozulmalary üçin jerimeler täzelendi

Türkmenistanda administratiw hukuk bozulmalary baradaky Kodeksiň 315-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu madda alkogolly önümleriň we temmäki önümleriniň söwdasy boýunça düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligi düzgünleşdirýär. Degişli kanun 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekildi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.

Üýtgetmeler maddanyň üçünji bölegindäki çäreleri öz içine alýar. Şeýlelikde, degişli belgiler bilen belgilemezden sarp ediji gapda alkogolly içgileri we temmäki önümlerini satmak, saklamak, daşamak ýa-da satmak maksady bilen satyn almak üçin fiziki şahslara bellenilýän jerime öňki «bäşe çenli» ýerine indi üçden bäş binýatlyk mukdara çenli diýlip kesgitlenildi. Wezipeli şahslar üçin indi jerime «bäş» binýatlyk mukdaryň ýerine «ondan» başlap, ýuridiki şahslar üçin bolsa «on» binýatlyk mukdaryň ýerine «ýigrimiden» başlap binýatlyk mukdary bellenilýär.

Mundan başga-da, madda iki täze bölek bilen dolduryldy. Bäşinji bölek degişli ygtyýarnamasyz satmak maksady bilen alkogolly içgileri, piwo içgisini, çakyr materiallaryny we temmäki önümlerini öndürmek, satyn almak, saklamak, daşamak, ibermek we ýerlemek üçin jogapkärçiligi kesgitleýär. Bu hereketler üçin fiziki şahslara altydan sekiz binýatlyk mukdara çenli, ýuridiki şahslaryna bolsa otuzdan elli binýatlyk mukdara çenli jerime salynýar. Iki ýagdaýda-da harydy döwletiň haýryna geçirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Altynjy bölek bolsa bäşinji bölekde göz öňünde tutulan düzgün bozulmalarynyň administratiw çäre ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi üçin jogapkärçiligi güýçlendirýär. Bu ýagdaýda fiziki şahslar üçin jerime ondan on bäşe çenli, ýuridiki şahslar üçin bolsa altmyşdan ýüz binýatlyk mukdara çenli bolup, önümleri döwletiň haýryna geçirmek mümkinçiligi hem saklanyp galýar.