Turkmenportal logo
17.04.26
1592615926
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda nebitiň we gazyň çykarylyşy üç aýda 20 göterime golaý azaldy
Surat: Surat: centralasia.media

Gazagystanda nebitiň we gazyň çykarylyşy 2026-njy ýylyň başyndan bäri 20 göterime golaý azaldy. Bu barada ýurduň energetika ministri Ýerlan Akkenženowa salgylanýan «Kazinform» habarlar gullugy habar berdi.

Ministriň sözlerine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy 19,7 mln tonna deň boldy. Nebitiň eksporty-da üç aýda 15,3 mln tonna ýa-da 2025-nji ýylyň degişli döwürdäki görkezijisiniň 80,5 göterimini düzdi.

Ýe.Akkenženow nebitgaz pudagyndaky görkezijileriň pese düşmegini Hazar turbageçiriji konsorsiumynyň töweregindäki we Tengiz ýatagyndaky ýagdaýlar bilen düşündirdi.