Turkmenportal logo
17.04.26
1132711327
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň ykdysadyýeti 2025-nji ýylda dünýäde dördünji boldy
Surat: caravan-info.kg

Russiýanyň ykdysadyýeti geçen 2025-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäde dördünji ornuny saklap galdy. Dünýä Pul Gaznasynyň maglumatlaryna görä, ýurduň Jemi içerki önümi (JIÖ) satyn alyş ukyby babatda ilkinji gezek 7 trillion dollardan geçdi. 2025-nji ýylda bu 7,26 trln, 2024-nji ýylda 6,97 trln dollara deň boldy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Dünýäniň iň iri ykdysadyýetleriniň arasynda ilkinji orny Hytaý eýeleýär. Bu ýurduň JIÖ-i 2025-nji ýylda 41,2 trln (2024-nji ýylda – 38,2 trln) dollara ýetdi. Ikinji orunda 30,8 trln dollar bilen ABŞ, üçünji orunda 17,3 trln dollar jemi içerki önüm bilen Hindistan ýerleşdi.

Sanawda Russiýadan soňra bäşinji orunda Ýaponiýa (7 trln dollara çenli) orun aldy. Ondan soňra Germaniýa (6,2 trln d.), Indoneziýa (5 trln d.), Braziliýa (4,99 trln d.), Fransiýa (4,56 trln d.) we Beýik Britaniýa (4,55 trln d.) ýerleşdiler.

Bilermenleriň bahalandyrmalaryna laýyklykda, 2025-nji ýylda ählumumy ykdysadyýet 210 trillion dollara çenli ösüş görkezdi, 2024-nji ýylda onuň möçberi 197,8 trillion dollar bolupdy.