Moskwada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa saparyna taýýarlyk görülýändigini tassykladylar diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Men Prezident Putiniň Hytaýa saparyna taýynlyk görülýändigini tassyklap bilerin. Hytaý biziň möhüm hyzmatdaşymyz hem-de sapara ýokary derejede taýýarlyk görülýär» diýip, Russiýanyň döwlet Baştutanynyň metbugat kätibi Dmitriý Peskow žurnalistler bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Öň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Putiniň Hytaýa saparynyň maý aýynyň ikinji ýarymynda boljakdygyny ýazypdy.
Fewralda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň RF-niň Prezidentini ýylyň birinji ýarymynda ýurda resmi sapar bilen gelmäge çagyrandygy habar berlipdi.