Türkmen garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türgen Döwletjan Ýagşymyradow (25-8-1) 16-njy aprelde Belfastda geçiriljek PFL ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro (10-5) bilen oktagonda duşuşar. Tutluşyk ýarym orta agram derejesinde meýilleşdirilýär. Göni ýaýlymyň başlanjak wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 23:30-da.
Liganyň häzirki reýtinginde Ýagşymyradow ikinji orny eýeleýär, Pedro bolsa sekizinji orunda barýar. Awstraliýaly türgen üçin bu duşuşyk PFL-däki ilkinji çykyşy bolar — ol iki ýyl ozal UFC-den gidenden soň çykyş etmesini tamamlaýandygyny yglan edipdi.
PFL-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony amerikaly Kori Anderson (20-6, 1 NC) bolup, ol 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Dubaýda geçirilen PFL ýaryşyndaky tutluşykda Ýagşymyradowy eminleriň karary bilen ýeňipdi. Türkmen türgeni dürli ýyllarda ACB we ACA guramalarynyň çempiony boldy, şeýle hem 2024-nji ýylda PFL-niň ýarym agyr agram derejesinde Gran-prisini gazanypdy.
Ýagşymyradow bilen Pedronyň söweşini Belet türkmen platformasy göni ýaýlymda görkezer — türkmen tomaşaçylary duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 23:30-dan başlap tomaşa edip bilerler. Platformada sport ýaýlymlaryna tomaşa etmek «Premium» abunasyna ýazylmak arkaly elýeterlidir.