FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Eýranyň milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşjakdygyny mälim etdi. Bu barada Voetbal International neşiri CNBC teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär.
Toparçalaýyn tapgyrda eýranly futbolçylar Täze Zelandiýanyň, Belgiýanyň we Müsüriň milli ýygyndylary bilen duşuşmaly. Ähli oýunlaryň ABŞ-nyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Mundan ozal, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň dartgynlaşmagy hem-de ABŞ-nyň bu çaknyşyga gatnaşmagy sebäpli, Eýranyň öz oýunlary ABŞ-nyň daşynda geçirilmedik ýagdaýynda dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürmegi mümkin diýen maglumatlar peýda bolupdy. Duşuşyklary Meksikada geçirmek mümkinçiligi hem seredilipdi, emma ýurduň prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum logistiki sebäpler boýunça FIFA-nyň bu teklibini ret edendigini aýtdy.
CNBC teleýaýlymynda eden çykyşynda Infantino Eýranyň milli ýygyndysynyň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi we sporty syýasat bilen garyşdyrmazlyga çagyrdy.
«Eýranyň milli ýygyndysy geler. Bu aňryýany bilen anyk. Şol wagta çenli ýagdaýyň kadalaşmagyna umyt edýäris, bu örän peýdaly bolardy. Emma Eýranynyň ýygyndysy hökman gelmeli, olar öz halkyna wekilçilik etmeli. Ýygyndy saýlama tapgyryndan geçdi we futbolçylar oýnamak isleýärler. Men olary iki hepde öň gördüm. Hakykatdan hem olar gaty güýçli topar. Diňe gelip oýnamak gerek. Sport syýasatdan daşarda bolmaly» — diýip, Voetbal International neşiri Infantinonyň sözlerini getirýär.