Turkmenportal logo
Şu gün 11:04
34563456
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçta» PAK-nyň täze merkezi edara binasynyň gurluşygy üçin arzalar kabul edip başlandy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi dolandyryş binasynyň gurluşygy boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik ýurduň Aragatnaşyk ministrliginiň sargydy boýunça geçirilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň arzalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde, Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy salgysynda kabul edilýär.

Resminamalary kabul etmek işi bellenilen tertipde 2026-njy ýylyň 26-njy maýyna çenli dowam eder. Goşmaça maglumatlar üçin 44-46-77 we 44-46-64 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.