Şu gün günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşygy boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti dostlukly ýurduň wekilçilikli toparyny türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, myhmany mynasyp bolan ýokary ylmy derejesi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy bilen gutlady.
Myhman Türkmenistanda saparda bolmagynyň çäklerinde dünýäde asylly işleri amala aşyrýan Gazna hökmünde ykrar edilen Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşyp degişli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Duşuşykdan soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin hytaý lukmançylygy uniwersiteti uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardylar we onuň işi bilen tanyşdylar. Şeýle hem hytaýly myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde çagalaryň daýanç-hereket ediş synalarynda bejermekde ähmiýetli bolan ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.