Şu gün Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sapar bilen Türkmenistanda geldi. Bu sapar Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Sizinpiniň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýar. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýratyn derejesiniň we Hytaýyň ýokary ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn dialogy ösdürmäge berýän uly ünsüniň aýdyň subutnamasydyr.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň wekiliýetini Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Hytaýyň wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.