Turkmenportal logo
15.04.26
98609860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň hem-de Günorta Koreýanyň Aşgabatda täze bellenilen ilçilerini kabul etdi
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa hem-de Koreýa Respublikalarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Martin Bruky hem-de Li Won-Jeni kabul etdi.  Olar döwlet Baştutanyna degişlilikde ynanç hatlaryny gowşurdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ilçileri bu ýokary diplomatik wezipä bellenmekleri bilen gutlady hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän işleriň geljekki ösüşi barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.