Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammmetgeldi Aýazow düýn Halkara sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň (DCO) Baş sekretary hanym Dima Al-Ýahýa bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
DCO-nyň Baş sekretary guramanyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol guramanyň strategik maksatlaryna laýyklykda, DCO-nyň Merkezi Aziýa bilen agza döwletleriň arasynda sanly hyzmatdaşlygy berkitmäge, serhetara maýa goýumlaryny ösdürmäge hem-de özara çemeleşmeleri utgaşdyrmak üçin ýokary derejeli gepleşikleri geçirmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Türkmen diplomaty Türkmenistanda soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Şeýle hem ýurtda 2026–2028-nji ýyllar üçin täze Konsepsiýanyň we Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygyny mälim etdi – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.